Türkmen talyplary Malaýziýada “Future is Now” tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar

  • 16.08.2025 18:56
  • 6k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinden bir mugallym we bäş talyp 3–9-njy awgust aralygynda Malaýziýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Malaýa uniwersitetinde «Future is Now» atly tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Maksatnamanyň dowamynda ýaşlar halkara derejesindäki döwrebap tejribeler, innowasiýalar we döredijilik mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşdylar, täze bilimleri we ukyplary özleşdirdiler.
Bu möhüm başlangyç, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir. Bu Ähtnama ýokary okuw mekdepleriniň arasynda talyp we mugallym alyş-çalyşyny, bilelikdäki ylmy-barlag işlerini we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär.


19.06.2026 18:41
3.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.2k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.3k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......