Ýelizaweta II-niň hatyrasyna brilliantlar bilen bezelen şaýy pul döredildi

  • 13.09.2023 15:35
  • 13k+

Beýik Britaniýada şa zenany Ýelizaweta II-niň hatyrasyna ýedi müň brilliant bilen bezelen uly şaýy pul döredildi diýip, MIR 24 habar berýär.

Bu gaýtalanmajak el işi sekiz ýurtdan zergärler tarapyndan ýasaldy. Öň tarapynda şa zenanynyň alty sany altyn portreti ýerleşdirildi. Arka tarapynda bolsa onuň soňky suratyndaky keşbi çekildi. Britaniýanyň baýdagy görnüşindäki gymmat bahaly daşlar bolsa boşlugy doldurýarlar.

«Iň gowy hünärmenler iň gowy materialy ulanmaga çalyşdylar. Biz şa zenanynyň durmuşyndan ylham aldyk we portretlerini synladyk. Bu eser Onuň Alyhezretine hormatyň nyşanydyr. Şaýy pul asyrlarboýy dowam etjek miras bolar»  diýip, Ost-India kompaniýasynyň başlygy Sanjiw Mehta belledi.

Şaýy pul Ýelizaweta II-niň aradan çykmagynyň bir ýyllygy mynasybetli çykaryldy. Gaýtalanmajak pul birliginiň ululygy basketbol pökgüsine deňdir. Gymmat bahaly şaýy puluň bahasy 23 million dollardyr. Satylan ýagdaýynda, ol dünýädäki iň gymmat teňňe bolar.


19.06.2026 19:18
3.9k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.4k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......