Piller biri-birine «atlaryny tutup» ýüzlenýärler

  • 13.09.2023 15:31
  • 17k+

ABŞ-nyň Kolorado ştatynyň uniwersitetiniň alymlary afrikan pilleriniň biri-birine «atlaryny tutup» ýüzlenýändiklerini anykladylar. Ozal atlary diňe adamlar ulanyp bilýär diýlip hasaplanýardy.

Alymlar Keniýanyň iki sebitinde: demirgazykdaky Samburu ekoulgamynda we günortadaky Amboseli milli seýilgähinde ýabany pilleriň seslerini seljerdiler. Olar 625 sany aýratyn ses ýazga aldylar, şolaryň 597-si bir maşgala toparyna degişlidir.
Soňra topar sesleriň akustiki aýratynlyklaryny ölçediler we birnäçe statistiki synag geçirdiler. Netijeler pilleriň çykarýan seslerinde haýsydyr bir anyk haýwana ýüzlenmek üçin ulanylýan aýratyn sesleriň bardygyny görkezdi. Alymlaryň pikiriçe, şeýle sesler lakam ýa-da at hökmünde kabul edilip bilner.
Delfinler ýaly käbir beýleki görnüşleriň hem garyndaşlaryna aýratyn usulda ýüzlenýändigi mälimdir. Ýöne olar diňe ýüzlenilýän haýwanyň sesine öýkünýärler. Pilleriň sesleri bolsa beýleki haýwanlaryň seslerine öýkünmek bilen baglanyşykly däl.
Şeýle hem alymlar reaksiýasyny barlamak üçin pillere «atlary» ýazgy edilen audioýazgylary diňletdiler. Synag edilýänler muňa jogap edip, ses çeşmesine ýakynlaşdylar we oňa jogap berdiler.

«Bu adam bilen baglanyşykly däl görnüşleriň garyndaşlaryna ýüzlenmek üçin adamyňka meňzeş usulda at ulgamyny ulanýandygyny görkezýän ilkinji subutnama bolup biler» diýip, barlagyň awtorlary bellediler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....