Audi täzelenen krossoweriniň satuwy başlandy

  • 12.09.2023 14:59
  • 11k+

Germaniýanyň «Audi» kompaniýasy täzelenen «Q8» krossowerini tanyşdyrdy. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berýär.

Täze nusga ozalky nusgadan matrisaly yşyklandyryjylary we sazlanýan çyralary bilen tapawutlanýarlar, eger yzdaky awtoulag iki metrden ýakyn aralyga gelse, olar has ýagtylanyp başlaýarlar.
Mundan başga-da, iri öýjükli radiator gözenegi, howa germewleriniň şekili üýtgedilen bamperler ornaşdyryldy, teker diskleriniň dizaýny üýtgedilip, olaryň diametri 19-dan 20 dýuýma çenli ulaldyldy. Salonda bolsa diňe bezeg materiallary üýtgedi.
Awtoulag öňküsi ýaly 231 we 286 at güýji kuwwaty bolan turbodizel motorlary, şeýle hem 340 at güýji kuwwaty bolan benzin hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Üç nusga hem 48 woltly starter-generatora, sekiz basgançakly «awtomata» we ähli tekerleriň hereket ulgamyna eýedir.
Täzelenen «Audi Q8» Germaniýada 87 müň ýewro bahadan sargyt etmek üçin elýeterlidir.


25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

09.05.2026 13:31
2.4k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.7k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......