Magtymguly adyndaky TDU-da ýaş žurnalistleriň baş redaktorlar bilen duşuşygy geçirildi

  • 12.09.2023 13:42
  • 10k+

11-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde žurnalistika hünärinde bilim alýan hem-de döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň Türkmenistanyň öňdebaryjy neşirleriniň ýolbaşçylary bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu barada uniwersitetiň saýty habar berýär.

Hususan-da, duşuşyga «Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow, «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory M.Alimowa gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçen umumy sapagyna hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyna aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem ýaşlar özlerini gyzyklandyran sowallar bilen halypalara ýüz tutdular.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......