Türkmenistanly tennisçi ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatynda ilkinji dörtlüge girdi

  • 10.09.2023 19:35
  • 11k+

Türkmen tennisçisi Ilima Guseýnowa Kambojanyň paýtagty Pnompende geçirilen ýetginjekleriň arasynda (U-14) Aziýa çempionatynda baýrakly üçünji orundan bir ädim bärde ýaryşyny tamamlady. Bu abraýly ýaryşa Aziýanyň we Okeaniýanyň dürli ýurtlaryndan 24 sany güýçli tennisçi ýygnandy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Guseýnowa ýaryşyň ýarym finalyna çenli barmagy başardy. Ol Hindistandan Surýanşi Şekhawat we Emili Kim, Özbegistandan Diýa Rameş ýaly türgenlerden üstün çykdy. Ýarym finalda Tailanddan gelen türgen Tarita Hongsýökden, üçünji ýer üçin ýaryşda bolsa Hindistandan Aaraw Çawladan asgyn geldi.
Ilima Guseýnowa Türkmenistanda tennis boýunça öňdebaryjy türgenleriň biri. Ol 14 ýaşa çenli ýetginjek gyzlaryň arasynda ITFJuniors aziýa reýtinginde 13-nji orny eýeleýär.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....