Modi G20 sammitinde «Hindistan» ýazgysynyň ýerine «Bharat» ýazgysyny ulandy

  • 10.09.2023 12:44
  • 16k+

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Uly ýigrimligiň (G20) sammitiniň ilkinji mejlisinde öz ýurduny atlandyrmak üçin «Hindistan» ýerine «Bharat» diýen ýazgyny ulandy diýip, RIA Nowosti bu barada habar berýär.

Hindistanyň konstitusiýasyna laýyklykda, iňlis we hindi dilleri ýurduň resmi dilleridir. Şunuň bilen birlikde, iňlis dilinde döwlete Hindistan, hindi dilinde bolsa Bharat diýilýär.
6-njy sentýabrda Hindistanyň daşary işler ministri Subramaniam Jaýşankar G20 sammitindäki materiallarda ýurdy aňlatmak üçin Bharat sözüniň ulanylmagynyň döwletiň adyny üýtgetmek synanyşygy däldigini aýtdy.
Ozal «The Economic Times» Hindistanyň hökümetiniň ýurduň resmi adyny «Bharat» diýip üýtgetjekdigini habar beripdi. 18-22-nji sentýabr aralygynda geçiriljek parlamentiň ýörite mejlisinde degişli karar hödürlenip bilner.


26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......