Ýaponiýada okuwçylaryň deregine robotlar sapaga girer

  • 09.09.2023 12:41
  • 9.8k+

Ýaponiýanyň günorta-günbataryndaky Kumamoto şäherinde okuwçylaryň deregine robotlar sapaklara girer diýip, Mainichi Shimbun gazeti habar berýär. Muny rbclife.ru ýetirýär. Şeýlelik bilen ýerli bilim geňeşi mekdepde sapaklara girmezlik bilen göreşmäge synanyşýar.

Aslynda, androidler okuwçylaryň awatarlary bolup, olara uzak aralykdan sapaklara gatnaşmaga mümkinçilik berer. Robotlar jogap aragatnaşygy üçin dinamikaly mikrofonlar we kameralar bilen üpjün edilendir. Olaryň beýikligi bir metre golaý. Robotlaryň döşünde ýerleşdirilen planşetleri öýden dolandyryp bolýar. Çagalar synpdaşlary we mugallymlar bilen çekişmelere gatnaşyp bilerler.
“The Guardian” neşiriniň ýazmagyna görä, robotlar mekdebiň içinde hem hereket edip, dürli çärelere “gatnaşarlar”.
Taslamany noýabr aýynda işe girizmek we onuň netijelerine mart aýynda baha bermek meýilleşdirilýär. Onuň maksady sapaklara dolanyp barmakçy bolýan okuwçylaryň aladasyny azaltmakdyr. 2023-nji maliýe ýyly üçin goşmaça býujete eýýäm taslama üçin $10,55 müň möçberde çykdajylar girizildi. Taslamanyň çäklerinde iki robot döretmek meýilleşdirilýär.
Bu çäreler sapagy sypdyrmalaryň sanynyň artmagy bilen baglylykda kabul edildi. Ähtimal, olar koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşyklydyr diýip, “The Guardian” ýazýar. 2018-nji okuw ýylynda olaryň sany 1283-di, 2022-nji ýylda bolsa 2760 okuwçy sapaklara gatnaşmady.


08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.1k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

31.05.2026 13:26
1.7k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......