Ýaponiýada täze kaşaň Toyota Century krossoweri hödürlendi

  • 08.09.2023 17:02
  • 27k+

Toyota kompaniýasy täze kaşaň krossower Century krossowerini hödürledi. Ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, 1967-nji ýyldan bäri bu model diňe sedan görnüşinde hödürlenip gelipdir; indi sedan we krossower ugurdaş öndüriler.

Krossower 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisine esaslanýan gibrid güýç gurluşyny aldy. Aňrybaş kuwwatlylygy 412 at güýji, elektrik ýöreýiş ätiýaçlygy 69 kilometre deňdir. Täze ulagyň uzynlygy 5505 mm, tigir bazasy 2950 mm. Salon dört adam üçin niýetlenendir. Üýtgeşmä baglylykda, Toyota yzky gapylary açmak üçin iki shema hödürleýär: birinji ýagdaýda 75 gradus açylýar, ikinjisinde bolsa süýşürilýär (mikroawtobuslar ýaly).
Ekranlar öňdäki oturgyçlaryň arka tarapyna oturdyldy, ikinji hatardaky iki oturgyç sowadyjy we kondisioner hem-de multimediýa dolandyryş ulgamy bilen konsol arkaly bölünýär. Şeýle hem oturgyçlar aýak yzlary, elektrik sazlamalary, massaž we howa çalşygy funksiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Salon bilen ýükdan bölüminiň arasynda laminirlenen aýnadan ýasalan bölek bar. Toyota Century krossoweriniň bahasy 25 million iýen.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......