TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze görnüşli hyzmatlary hödürleýär

  • 08.09.2023 10:34
  • 10k+

TurkmenExporters.com.tm eksport platformasynda “Ugradylmaga taýýar harytlar” hem-de “Ýüklemek üçin boş ýük ulaglary” diýen iki sany täze bölüm açyldy. Şeýle-de indi bu platformada Türkmenistanda ilkinji gezek — Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Code) onlaýn anyklamak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Ugradylmaga taýýar harytlar” bölüminde amatly bahalardan türkmen öndürijileriniň ellerinde taýýar bolan we eksporta niýetlenen harytlar barada maglumatlary jemleýäris. Başgaça aýdanymyzda, alyjylar üçin adaty bahalardan has amatly bolan bahalary hödürleýäris. “Ýüklemek üçin boş ýük ulaglary” bölüm bolsa, hem eksportçylar, hem importçylar üçin ähmiýetlidir. Bu bölüm Türkmenistandan daşary ýurtlara, şeýle hem daşary ýurtlardan Türkmenistana harytlary daşamak üçin boş ulag serişdeleriniň eýeleri bilen ýük iberijileriň gysga wagtyň içinde bir-birini tapmagyna ýardam berer. Şeýlelik-de işewürler wagt ýitirmän özleri üçin iň amatly hyzmatdaşlaryny saýlap bilerler.


TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýdy.
Ulgam ähli ýurtlara, halkara kadalara we düşündirişlere laýyklykda halkara bazarynda satylýan ähli harytlaryň atlarynyň ýeke-täk klassifikasiýasyndan ugur almaga mümkinçilik berýär. Ulgam halkara söwda statistikasy we ähli ýurtlaryň gümrük nyrhlary üçin ählumumy esas bolup durýar.
Gümrük edaralary HS kodlaryndan, halkara derejesinde iberilýän harytlara degişlilikde paçlary, salgytlary we kadalary ulanmakda peýdalanýarlar.
GDA ýurtlarynda HS Code bilen doly diýen ýaly gabat gelýän TN VED kody (Daşary Ykdysady Işjeňligiň Haryt Nomenklaturasy) ulanylýar.
TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy 2017-nji ýylda Türkmenistanyň önümleri we önüm öndürijileri barada ýeke-täk maglumat binýadyny döretmek, Türkmenistanyň eksport edilýän harytlarynyň daşary ýurtlara çykarylmagyny ilerletmek we önüm öndüriji bilen müşderiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek maksady bilen işe girizildi.
Häzirki wagtda TurkmenExporters.com.tm internet eksport söwda platformasy Türkmen önümlerini we önüm öndürijilerini halkara işewürlik jemgyýetine tanatmakda Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda platformasy bolup durýar.

Eksport platformasynyň habarlaşmak üçin salgylary:


18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5.2k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.7k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......