Ýaponiýa Aýa ilkinji gonuş modulyny uçurdy

  • 07.09.2023 20:00
  • 6k+

SLIM diýlip atlandyrylýan, Ýaponiýanyň ilkinji Aýa gonuş modully H2A raketa göterijisi Kagosima prefekturasynyň günorta-günbataryndaky Tanegasima kosmos merkezinden bat aldy. Uçuryş Ýaponiýanyň aerokosmiki gözlegler gullugy (JAXA) tarapyndan göni ýaýlyma berildi.

Ondan öň howa şertleriniň ýaramazlygy sebäpli moduly goýbermeklik birnäçe gezek yza süýşürilipdi.
Boýy 2,4 m we agramy 200 kg bolan bu apparat ýüz tanamak ulgamlarynda ulanylýan tehnologiýalar kysmy tehnologiýalaryň kömegi bilen Aýyň kraterlerini we relýefini öwrenmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem SLIM Aýyň üstündäki gaýalardan tapylan demriň we beýleki elementleriň mukdaryny ölçäp bilýän ýörite kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýapon modulynda 100 m-den artyk bolmadyk ýalňyşlyk bilen Aýyň kesgitlenen ýerinde takyk gonmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar bar. Apparat tarapyndan alnan maglumatlary, esasanam, ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişliginiň gözlegleri boýunça milli müdirliginiň (NASA) Artemis Aý maksatnamasynyň çäklerinde ulanmak göz öňünde tutulýar.
Şeýle-de, H2A raketa göterijisi NASA bilen hyzmatdaşlykda gurlan XRISM rentgen teleskopyny orbita çykarar.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.9k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.6k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.8k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....