Çarlz III dolandyran birinji ýylynda gatnaşan resmi çäreleriniň sany boýunça Ýelizaweta II-den öňe geçdi

  • 07.09.2023 20:06
  • 13k+

Beýik Britaniýanyň şasy Çarlz III tagta çykandan soň ilkinji ýylda iş ýüki boýunça ejesi şa zenany Ýelizaweta II-den (1926-2022) öňe geçdi. Bu barada Independent gazeti şa maşgalasynyň agzalarynyň resmi çärelere gatnaşygy baradaky gündelik býulletene salgylanyp habar berýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda tagta çykaly bäri, monarh 161 günde 550, Ýelizaweta II bolsa 157 günde 440 çärä gatnaşdy. Şeýle-de bolsa, Çarlz III iş günleriniň sany boýunça atasy şa Georga VI-den (1895-1952) (183 iş güni) yza galdy.
74 ýaşly Çarlz III-iň täç geýdiriliş dabarasy 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda Londonyň Westminster abbatlygynda geçirildi. 100-e golaý daşary ýurt liderleri, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy syýasatçylary, Arkalaşygyň ýurtlarynyň baş gubernatorlary, şanyň iri dolandyryş birliklerindäki lord-häkimleri, dürli ybadathanalaryň, ýaragly güýçleriň wekilleri, Nobel baýragynyň eýeleri, jemgyýetçilik we haýyr-sahawat guramalarynyň işgärleri we gyssagly kömek gullugynyň işgärleri onuň myhmany boldular.


düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.03.2026 15:33
3.2k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5.1k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...