Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady

  • 07.09.2023 07:32
  • 8.1k+

6-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hanym Sara Meri Uolş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Täze Zelandiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi we tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçä Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzda amala aşyrylýan, durnukly ykdysady ösüşe, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli milli maksatnamalar we taslamalar barada gürrüň berildi. Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen deňhukukly, netijeli gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça onuň alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......