Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

  • 07.09.2023 06:53
  • 22k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Hasabatlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy.
Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy däp bolşy ýaly, sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň kazylaryny we prokurorlaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ähli ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, olaryň işinde innowasion usullary we döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Ulgamlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy we mejlisiň gatnaşyjylaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.


düýn 17:31
936

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....