Hindistanda ýurduň adyny üýtgetmegi meýilleşdirýärler

  • 06.09.2023 22:10
  • 29k+

Hindistanyň häkimiýetleri ýurduň adyny häzirki döwletiň ýerleşýän ýerleriniň gadymy ady bolan «Bharat» diýip üýtgetmegi meýilleşdirýär. Bu barada «The Economics Times» neşiri habar berýär.

«Britanlar Bharaty Hindistan diýip  atlandyrdylar. <...> Biziň ýurdumyz müňlerçe ýyl bäri Bharat ady bilen tanalýar... Bu ýurduň gadymy ady, ol gadymy sanskrit tekstlerinde duş gelýär. Hindistan ady kolonial atdy we şonuň üçin gulçulygyň nyşanydy. Hindistan ady konstitusiýadan aýrylmaly» diýip, Hindistanyň parlamentinde belläp geçdiler.

Şonuň ýaly, 1935-nji ýylda Persiýa (grek ady) halkara adyny Eýrana (özleriniň tutýan ady) üýtgetdi. Hindistanyň ýaşaýjylary hindi dilinde (resmi dilde) hem öz ýurduny «Bharat» diýip atlandyrýarlar, bu resminamalarda hem görkezilýär. Ýurduň adyny üýtgetmek karary 18 – 22-nji sentýabr aralygynda geçiriljek parlamentiň ýörite mejlisinde kabul edilip bilner.


26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

11.06.2026 22:18
7.8k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

30.05.2026 11:21
3k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

24.05.2026 10:33
2.6k+

HPG: 2031-nji ýyla çenli Hindistan ykdysady ösüşi bilen ilkinji üçlüge girer

Halkara pul gaznasynyň 2026-njy ýyl üçin taýýarlan «Dünýä ykdysadyýetiniň geljegi» atly täze hasabatyna görä, 2031-nji ýyla çenli Hindistan nominal Jemi içerki önüminiň (JIÖ) göwrümi boýunça Germaniýany,......