«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň sekizinji sany okyjylara ýetirildi

  • 06.09.2023 16:37
  • 5.9k+

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň sekizinji sany çapdan çykdy. Žurnalyň täze sanynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygry okyjylara ýetirilipdir.

Neşiriň täze sanynyň baş makalasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolandygy baradaky hoş habar buşlanylýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli taýýarlanylan «Bilim dünýäsinde bagtly ýaşlar biz» atly makala hem okyjylary özüne çekse gerek. «Kalplary Gün kimin çoýýan sungat» atly makala bolsa Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylan el işlerine bagyşlanypdyr.
«Kitap — ajaýyp dünýäniň açary» atly makala adyndan belli bolşy ýaly, awtoryň kitabyň ähmiýeti babatdaky pikir ýöretmelerinden ybarat. «Köňlümiz buýsançdan doly» atly makalada Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işine üstünlik arzuw edilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy Arkadag şäheriniň Geňeşiniň işini hem döwrebap derejede ýola goýdy. Bu babatda Geňeşde alnyp barylýan işler «Öňdebaryjy ýaşlar agzalyga kabul edilýär» atly makalada öz ornuny tapypdyr.
Neşiriň täze sanynda daşary ýurt dilinde paýlaşylýan ilkinji makala 1-nji sentýabr dabaralarynyň dürli döwletlerdäki öwüşginlerine bagyşlanypdyr.
«Ömrüň öňündäki möhüm sowal» atly makala ady bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekýär. Bu nähili sowal bolup biler? Makala biziň sowalymyza aýdyň jogap berýär. Ýene bir gyzykly sowal: «Iňlis dilinde gysgaldylyp ulanylýan sözler nähili many berýärkä?» Bu sowala jikme-jik jogap berýän makalanyň mekdep okuwçylary we talyplar üçin has peýdaly boljakdygyna ynanýarys.
«Sport sagdynlykdyr» atly rubrika bilen rus dilinde paýlaşylan makala Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz bilen sportuň täze belentliklerine çykmaga çakylyk bolup ýaňlanýar.
«Milandan Aşgabada çenli» atly makalada dünýä belli tälimçileriň Türkmenistan bilen baglanyşygy barada gyzykly maglumatlary okap bilersiňiz.
Žurnalyň sekizinji sanynda dünýä halklarynyň çagalar hakdaky nakyllary hem ýerleşdirilipdir.
Iňlis dilinde taýýarlanylan iki makalanyň biri Halkara ýaşlar güni, ikinjisi bolsa ýaşlaryň zähmete bolan gyzyklanmasy barada gürrüň berýär. Neşiriň täze sanynyň jemleýji makalalarynyň biri Awazadaky ajaýyp dynç alyşa bagyşlanýar.
Däp bolşy ýaly, neşiriň täze sany «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginiň täze ýeňijisiniň yglan edilmegi bilen jemlenilýär.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......