Toyota Hilux ulagynyň täze modelini çykardy. Ol wodorodda işleýär

  • 05.09.2023 22:01
  • 18k+

Toyota-nyň Angliýanyň Derbi şäherindäki “Manufacturing UK” zawody wodorod ýangyç elementli meşhur Hilux kysymly awtoulagyň täze görnüşini döretdi. Umuman aýdanyňda, ondaky elektrikli gurluş Toyota Mirai wodorod awtoulagynyňky ýalydyr.

Wodorodly Hilux Toyota Rikardo, ETL, D2H Advanced Technologies, Thatcham Research we Angliýanyň hökümetiniň goldawy bilen döredildi. Wodorod ramanyň çäginde ýerleşýän üç sany ýokary basyşly ýangyç bakynda saklanýar. Mälim edilen ýöreýiş ätiýaçlygy 600 km.
Toyota şeýle awtoulaglaryň 10-syny gurar we olaryň hemmesi synag awtoulaglary bolar. Wodorodly Hilux howpsuzlygyny, dinamiki häsiýetnamasyny, işleýşini we çydamlylygy tassyklatmak üçin berk synaglardan geçmeli bolar. Ýöne näme üçinkä? Wodorodly Hilux-iň täjirçilik gelejeginiň bardygy ýa-da ýokdugy belli däl, ýöne Toyota geljekki Land Cruiser 400 üçin hut şunuň ýaly elektrik gurluşy göz öňünde tutýar.


düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......