Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşygy geçirildi

  • 05.09.2023 15:27
  • 7.9k+

Ýakynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda at çapyşygynyň güýzki möwsüminiň açylmagy mynasybetli ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda at çapyşygy geçirildi. Täze başlanan möwsümde 7 çapyşyk geçirilip, onda ýyndam bedewler öňe saýlandy.

At çapyşyklarynyň ilkinji tapgyrynda üç, dört we uly ýaşar bedewler 1400, 2000 we 2200 metr aralyklar boýunça ýaryşdylar. Birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Daýanjym atly dor at pellehana ilkinji bolup geldi. Ol bu aralygy 1 minut 56,7 sekuntda geçdi. 1400, 2000 we 2200 metr aralyklara guralan at çapyşyklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Tarlaň atly akýal mele at (1 minut 40,7 sekunt), Gyzlarbeg atly gara bedew (1 minut 42,1 sekunt), Guwandyk atly al at (2 minut 31,5 sekunt), Kysmat atly dor at (2 minut 47 sekunt), Günhan atly dor at (2 minut 44,7 sekunt), Bezirgen atly akýal mele at bolsa (2 minut 36,2 sekunt) tapawutly netije görkezip, pellehanadan ilkinji bolup geçmek bilen, ýeňişlerini baýram etdiler.
Olarda ýeňiş gazanan bedewleriň şanyna baýraklar gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......