Mercedes we BMW Mýunhende sergide täze elektromobillerini hödürlediler

  • 05.09.2023 15:12
  • 22k+

Germaniýanyň Mercedes-Benz we BMW awtoöndürijileri Mýunhende geçirilen IAA Mobility halkara sergisinde täze elektromobilleri hödürlediler. Bu barada CNBC teleýaýlymyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Ýekşenbe güni Mercedes-Benz kompaniýanyň geljekki elektromobilleriniň esasynda durjak täze arhitekturada Concept CLA Class konsept-karyny görkezdi.

 

Concept CLA Class-yň ýol ätiýajy 750 km bolup, 15 minut zarýad alandan soň 400 km çenli ýoly geçip bilýär.
BMW şenbe güni Vision Neue Klasse konsept-karyny hödürledi. Onuň arhitekturasy 2025-nji ýyldan öndürilip başlanjak elektromobiller üçin esas bolar.
Konserniň ýolbaşçysy Oliwer Zipseniň aýtmagyna görä, BMW şu ýyl elektromobilleriň satuwyny iki esse ýokarlandyrmagy maksat edinýär, ýylyň ahyryna çenli doly derejeli elektrik ulaglarynyň (BEV) global satuwlardaky paýy bolsa 15%-e ýeter.

Şeýlelik bilen, kompaniýalaryň ikisi-de içerki ýangyç hereketlendirijileri ýa-da gibridler bilen awtomobilleriň adaptasiýasyny göz öňünde tutan arhitekturadan elektrik platformalaryna geçýär diýip, teleýaýlym belleýär we muny elektromobil pudagynda çynlakaý ädim diýip atlandyrýar.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......