Hindistan Güni öwrenmek üçin kosmos obserwatoriýasyny orbita çykardy

  • 03.09.2023 08:54
  • 16k+

Polar Satellite Launch Vehicle (PSLV) raketa göterijisi şenbe güni Güni öwrenmek üçin Aditya-L1 kosmos obserwatoriýasyny elliptik Ýer orbitasyna üstünlikli çykardy. Uçuş Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy tarapyndan ýaýlyma berildi diýip, interfax.ru habar berýär.

Raketa hindi wagty bilen 11:50-de Şriharikota adasyndaky Satişa Dhawana adyndaky kosmos merkeziniň uçuş meýdançasyndan uçuryldy.
Aditya-L1 obserwatoriýasyny Ýerden 1,5 mln km uzaklykda ýerleşýän Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokadynyň töweregindäki galo-orbitasyna çykarmak meýilleşdirilýär. Guramanyň maglumatlaryna görä, enjam öz hereketlendirijilerini işletmek arkaly orbitany ýokarlandyrmak boýunça birnäçe hereketleriň netijesinde dört aýdan meýilleşdirilýän orbita çykar.
Dürli peýdaly ýük bilen enjamlaşdyrylan obserwatoriýa magnit meýdanlaryny we elektromagnit bölejikleri anyklamak üçin enjamlaryň, spektrometrleriň we koronograflaryň kömegi bilen Günüň fotosferasyny we hromosferasyny, şeýle-de onuň ýokarky gatlagyny – Gün aýtymyny öwrener.
Alymlar Gün aýtymyndan koronal madda zyňyndylarynyň we Gündäki partlamalaryň sebäbine düşünmäge hem-de kosmos howasyny we L1 nokadynyň töweregindäki magnit meýdanyny öwrenmäge kömek etjek täze maglumatlary almaga garaşýarlar.


16.09.2025 19:57
6.6k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.3k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
2.9k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...

27.06.2025 18:11
5.7k+

Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji gezek Hindistandan, Polşadan we Wengriýadan astronawtlar bardy

26-njy iýunda SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna üstünlikli birikdi. Uçuş Axiom Space amerikan kompaniýasynyň Ax-4 («Aksiom-4») hususy missiýasynyň çäklerinde amala aşyryldy...