Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň hünär-tehniki bilimi dalaşgärleri kabul etmegini dowam edýär

  • 01.09.2023 17:39
  • 21k+

Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi hünär-tehniki bilimi boýunça 2023-2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul etmeginiň möhletini 1-nji oktýabra çenli uzaltdy.

  1. Kompýuter grafikasynyň dizaýneri-1 ýyl.
  2. Elektromontýor-1 ýyl.
  3. Tikimçi-biçimçi-1 ýyl.
  4. Dokma toplumynyň hil gözegçisi-1 ýyl.
  5. Dokma önümçiliginiň kömekçi ussasy-1 ýyl.
  6. Tikin maşynlaryny we enjamlaryny abatlaýyjy ussa-1 ýyl.
  7. Himiýa önümçiliginiň tehnology-1,5 ýyl.
  8. Konstruktor-modelýer, kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen-1,5 ýyl.
  9. Buhgalterçilik işi-1,5 ýyl.
  10. Menejment-1,5 ýyl.

Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da, 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: -bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; -bellenen nusgadaky sowalnama (anketa); -umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; -bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy; -soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; -3х4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirmeli we nusgalaryny tabşyrýar.

  •  -pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  •  -Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullygy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklanýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.
Dersler boýunça söhbetdeşlik döwlet dilinde Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw mekdebinde; işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli (2 aýdan 10 aýa çenli) okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar (KIP we A).
  2.  Elektrik enjamlary abatlaýjy we hyzmat ediji elektroslesar.
  3.  Elektromontýor (1000 V-dan ýokary).
  4.  Dokma senagaty enjamlaryny gurnaýjy-slesar.
  5.  Himiki derňewiň laboranty.
  6.  Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.
  7.  Himiýa önümçiliginiň hil gözegçisi.
  8.  Biçimçi-tikinçi.
  9.  Egirme önümçiliginiň hil gözegçisi.
  10.  Elektromontýor (1000 V çenli ).
  11.  Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor.
  12.  Egriji.
  13.  Dokmaçy.
  14.  Kompýuteriň operatory.
  15.  Buhgalter hasabatynyň esaslary.
  16.  Buhgalter-kassir.
  17.  Satyjy.

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakyndaky degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. 2052 (Hydyr Derýaýew) köçesi 4.
Tel: +993 (12) 36-49-20, +993 (12) 36-04-16, +993 (12) 36-18-74.


05.01.2026 15:43
7k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy...

04.01.2026 12:24
5.9k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinden bäsleşik geçirdi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti iňlis dili boýunça bäsleşik geçirdi. "Bitaraplyk — dillerimiziň senasy" diýlip atlandyrylan bäsleşik Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi...

02.01.2026 16:51
16k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...

01.01.2026 18:19
4.2k+

Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz hem toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi...