Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Halkara şahadatnamasynyň birnäçesine mynasyp boldy

  • 01.09.2023 16:36
  • 7.1k+

Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Halkara şahadatnalarynyň gowşuryş dabarasy geçirildi.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýasy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurdy.
Täze ýokary okuw mekdebi şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde Atly sporty boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan Halkara akademiýasy» atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Bu şahadatnamany ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Katar atly sport federasiýasynyň we döwrebap oýunlar federasiýasynyň Baş kätibi Ahmad Nuh Al-Tani dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň prezidenti Marina Seçina ýokary okuw mekdebiniň rektoryna sebitde atçylyk we atly sport boýunça ýokary hünärmenleri taýýarlaýan ilkinji halkara akademiýasy bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň Türkmenistanda döredilendigi üçin Ýewraziýa Atly sport assosiasiýasynyň Hormat şahadatnamasyny gowşurdy.
Täze ýokary okuw mekdebi şeýle hem Aziýa atly sport federasiýasynyň «Sebitde Atly sporty boýunça ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ähli mümkinçilikleri we amatlyklary bolan Halkara akademiýasy» atly şahadatnamasyna mynasyp boldy. Bu şahadatnamany ýokary okuw mekdebiniň rektoryna Katar atly sport federasiýasynyň we döwrebap oýunlar federasiýasynyň Baş kätibi Ahmad Nuh Al-Tani dabaraly ýagdaýda gowşurdy.


01.06.2026 17:06
2.5k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
8.8k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......