2023-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde iň köp satylan 10 sany smartfon belli edildi

  • 30.08.2023 12:10
  • 24k+

Britaniýanyň Omdia analitik kompaniýasy 2023-nji ýylyň ilkinji alty aýynda dünýäde smartfon satuwynyň sanawyny hödürledi. Jedelsiz lider geçen ýylyň sentýabr aýynda çykan iPhone 14 Pro Max boldy. Görkezilen döwürde bu modeliň 26,5 million smartfony satyldy.

Ikinji ýeri onuň kiçi wersiýasy - iPhone 14 Pro (21 milliony satyldy) eýeledi. Üçünjisi, iPhone 14-iň asyl nusgasydyr (16,5 milliony satyldy). Ilkinji bäşlige Apple -iň başga bir önümi - geçen ýylky iPhone 13 (15,5 milliony satyldy) we Samsung -yň mart aýynda hödürlän Galaxy A14-i (12,4 milliony satyldy) girdi.
Olar yzýany ýene-de dört sany Galaxy smartfony gidýär, olaryň arasynda ýeke-täk flagman we iň oňat kamera telefony - Galaxy S23 Ultra (9,6 million) bar. Dört ýyl ozal, hatda koronawirus pandemiýasyndan hem öň çykan “garryja” iPhone 11 iň gowy onlugyň sanawyny ýapýar. 

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda dünýäde iň köp satylan 10 smartfon: 

  1. “iPhone 14 Pro Max” (26,5 million).
  2. “iPhone 14 Pro” (21 million).
  3. “iPhone 14” (16,5 million).
  4. “iPhone 13” (15,5 million).
  5. “Galaxy A14” (12,4 million).
  6. “Galaxy S23 Ultra” (9,6 million).
  7. “Galaxy A14 5G” (9 million).
  8. “Galaxy A54 5G” (8,8 million).
  9. “Galaxy A35 5G” (7,1 million).
  10. “iPhone 11” (6,9 million).

12.05.2026 14:43
7.3k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......