Werstappen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji bolup, “Formula-1-iň” rekordyny gaýtalady

  • 28.08.2023 11:56
  • 4.1k+

“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1-iň” Niderlandlaryň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. “Zandwort” awtodromynda geçirilen ýaryşda gollandiýaly birinji orny garşydaşlaryna bermedi.

Werstappeniň görkezen netijesi 1 sagat 20 minut 915 sekunt boldy. Onuň yzyndan pellehana “Aston Martinden” ispaniýaly Fernando Alonso geldi. Üçünji orny “Alpinde” çykyş edýän fransiýaly Pýer Gasli eýeledi.
Dünýäniň ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton ýaryşy altynjy orunda tamamlady.
Şeýlelik bilen, Werstappen öz üstünliginiň netijesinde tapgyrlarda gazanan yzygiderli ýeňişleriniň sany boýunça “Formula-1-iň” rekordyny gaýtalady. Indi onuň hasabynda yzygider dokuz ýeňiş bar. Öň, şeýle üstünlige diňe germaniýaly Sebastýan Fettel ýetipdi. Onuň rekordy 2013-nji ýyldan bäri saklandy. 


düýn 14:15
6.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.8k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....