“Maklaren” yzygider dördünji gezek ilkinji iki orny eýeläp, “Formula-1-iň” rekordyna golaýlady

  • 04.08.2025 13:27
  • 3.1k+

“Maklaren” toparynyň ýaryşa gatnaşyjylary yzygider dördünji gezek “Formula-1-iň” münberinde ilkinji iki orny eýeledi. Ýekşenbe güni geçen Wengriýanyň Gran-prisinde birinji bolup pellehana Lando Norris, ikinji bolup onuň topardaşy Oskar Piastri geldi.

Bu eýýäm britan toparynyň häzirki möwsümde ýedinji we taryhynda 56-njy gezek ilkinji iki orny eýelemegi boldy. Ondan köp görkeziji diňe “Ferraride” (87) we “Mersedesde” (60) bar. Çempionatyň yzygider ilkinji iki orny eýelemek boýunça rekordy – bäş dubl – “Ferrari” (1952, 2002) we “Mersedes” (2014, 2015-2016, 2019) toparlaryna degişli.
“Ferrariniň” sürüjisi Şarl Lekler ýaryşa pouldan başlady, ýöne pellehana dördünji bolup geldi. Bu poul onuň üçin häzirki möwsümde birinji we karýerasynda 27-nji boldy. Ol 22-nji gezek pouly ýeňşe öwrüp bilmedi. Soňky gezek birinji orundan Monakonyň Gran-prisi-2024-de ýeňiş gazandy.
Wengriýadaky ýeňiş Norrise çempionatyň öňdebaryjysyndan we topardaşyndan aratapawudyny azaltmaga mümkinçilik berdi. Indi onuň hasabynda 275 utuk, Piastride 284 utuk bar. “Red Bulldan” Maks Werstappen pellehana dokuzynjy bolup geldi we 187 utuk bilen umumy sanawda üçünji orunda galýar.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....