“Maklarenden” Oskar Piastri Belgiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy, Norris – ikinji

  • 28.07.2025 11:57
  • 1.8k+

“Maklaren” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Oskar Piastri “Formula-1” çempionatynyň 13-nji tapgyry bolan Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Spa-Frankorşam awtodromynda geçirildi.

Howa şertleri sebäpli ýaryş gijräk başlady.
Ikinji bolup pellehana Piastriniň topardaşy britaniýaly Lando Norris geldi. Üçünji orny “Ferrariden” Şarl Lekler eýeledi.
Piastri dünýä çempionatynyň umumy sanawynda öňdebaryjylygyny berkitdi. Awstraliýaly ýaryşa gatnaşyjy 266 utuk gazandy. Ikinji orny Norris (250), üçünji orny “Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi, dört gezek dünýä çempiony Maks Werstappen (185) eýeleýär.
Konstruktorlaryň kubogynda “Maklaren” öňde barýar (516 utuk). Şeýle-de, üçlüge “Ferrari” (248) we “Mersedes” (220) girýär.
Dünýä çempionatynyň indiki tapgyry 1 – 3-nji awgustda Wengriýada geçiriler.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....