Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäklerinde goşmaça täze okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy gurlar

  • 26.08.2023 15:49
  • 24k+

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy hem-de aýlawly ýolda monument gurlar.

Gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanyp, binalar we desgalar 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.
Gurluşyk işlerini «Röwşen» hususy kärhanasy ýerine ýetirer.
Energetika ministrligine bu binalaryň taslamasyny düzmek we olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Röwşen» hususy kärhanasy bilen şertnamany görkezilen binalar we desgalar üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


08.06.2026 23:01
2.6k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3.1k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......