Aşgabatda Türkmenistanyň we Palestinanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

  • 24.08.2023 18:18
  • 9.5k+

Şu gün, 24-nji awgustda Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan Palestinalylaryň işi boýunça ministri Riýad Al-Malikiniň ýolbaşçylygynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynda habar bermeklerine görä, geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň häzirki ýagdaýy we syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda geljekki mümkinçilikleri seljerildi.
Geňeşmeleriň dowamynda türkmen tarapy täze gatnaşyklary ýola goýmak we hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen hususy we döwlet pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik geňeşini geçirmegi teklip etdi.
Medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Taraplar ylym, saglygy goraýyş we bilim ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ministrleriniň, orunbasarlarynyň we bölümleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri dowam etdirmegiň zerurlygy nygtaldy.


düýn 16:02
937

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......