«Çandraýan-3» hindi stansiýasy Aýyň üstüne üstünlikli gondy

  • 24.08.2023 13:53
  • 13k+

«Çandraýan-3» hindi aý stansiýasynyň gonuş moduly Aýyň üstüne ýumşak gonuşy üstünlikli amala aşyrdy. Enjamyň Aýa gonuş operasiýasy Kosmos barlaglarynyň hindi guramasynyň (ISRO) saýtynda göni ýaýlymda berildi.

Gonuş 23-nji awgustda ýerli wagt bilen 18:03-de (aşg. 17:33-de) ýerine ýetirildi. 

"Üstünlikli gonuş amala aşyryldy! Hindistan Aýda", - diýip, ISRO-nyň ýolbaşçysy Şridhar Somanath, enjam üstünlikli gonandan soň uçuşlary dolandyryş merkezinde eden çykyşynda belledi.

Ondan soň ol Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modä söz berdi. Modi ýaýlyma Ýohannesburgdan (GAR) wideoaragatnaşyk arkaly goşuldy. Ol ýerde ol BRIKS sammitine gatnaşýardy.
«Wikram» gonuş moduly Ýeriň tebigy hemrasyna 26 kilogramlyk «Pragýan» («parasat», «akyl ýetiriş») lunohodyny ýetirdi.
Hindistan ABŞ-dan, SSSR-den we Hytaýdan soň Aýa ýumşak gonuşy amala aşyrmagy başaran dünýäde dördünji ýurt boldy.


şu gün 00:18
1k+

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.3k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......