Saglyk ýagdaýyny toplumlaýyn anyklamak üçin enjam döredildi

  • 22.08.2023 18:02
  • 7.7k+

Kazanly rus hünärmenleri saglyk ýagdaýyny anyklamak üçin enjam döretdiler. «Ebedilik kapsulasy» diýlip atlandyrylýan kürsi emeli intellekt we VR şlemy bilen bedeniň doly barlagyny geçirip bilýär diýip, lenta.ru habar berýär.

Bu enjamyň ýüregiň, bagryň, böwrekleriň, gan damarlarynyň we nerw ulgamynyň işini seljermäge, şeýle hem gan basyşyny, ýürek urgusyny, gandaky kislorodyň we şekeriň derejesini ölçemäge mümkinçilik berýändigi bellenilýär. Munuň üçin hassanyň kapsula meňzeýän kürsüde oturmagy ýeterlikdir. Neýrotor ulgamy alnan maglumatlara esaslanyp, iki minutda deslapky diagnozy kesgitlär we degişli hünärmene görünmek üçin teklipleri berer.
Enjam deriniň pigmentasiýasy, gözleriň aklary we hatda hassanyň sesi ýaly görkezijilere üns berýär. Şeýlelik bilen, soňky parametr boýunça algoritm ösüp gelýän keseli çaklap bilýär. Mundan başga-da, enjam massaž oturgyjy we kislorod maskasy hökmünde ulanylyp bilner.
Enjam bölek satuwa çykarmak meýilleşdirilmeýär. Enjam saglygy goraýyş ugurly kärhanalara, firmalara ýa-da edaralara satylyp bilner.  Kürsi üçin häzirlikçe üç sany sargyt alyndy (kapsulanyň başlangyç bahasy 12 million rubla deňdir).


düýn 12:32
4.2k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.4k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......