Alymlar Braziliýada gadymy jandaryň galyndylaryny tapdylar

  • 22.08.2023 08:16
  • 29k+

Braziliýada uzyn öň aýaklary we uzyn ýiti dyrnaklary bolan gadymy süýrenijiniň galyndylary tapyldy. Alymlar ony «Edward – gaýçy eller» atly fantastiki filmiň gahrymany bilen deňeşdirdiler diýip, MIR24 habar berýär.

Santa Mariýa Federal uniwersitetiniň paleontologlary süýrenijiniň galyndylaryny Riu-Grande-du-Sul ştatyndaky şaly fermasynda ýüze çykardylar. Geçirilen barlaglar onuň 230 million ýyl ozal, Trias döwründe ýaşandygyny görkezdi.
Şeýle hem jandaryň mör-möjekleri, miweleri we hažžyklar ýaly ownuk haýwanlary iýmek üçin ulanan ullakan, ýiti tumşugy bolupdyr. Dyrnaklarynyň agaçlara dyrmyşmak üçin gerek bolan bolmagy mümkin.
Süýrenijä Venetorapter gassenae diýen ylmy at berildi. Alymlar skeletiň böleklerini seljerenlerinden soňra, onuň bedeniniň uzynlygynyň bir metre golaý bolandygyny kesgitlediler.
Süýrenijiniň bedeni ýeleklere meňzeş galyň sütük bilen örtülipdir. Ol pterozawrlaryň ata-babalary hasaplanýan lagerpetidler maşgalasyna degişli edildi. Alymlar Venetorapter gassenae-niň uzyn dördünji barmagyny gördüler – bu uçýan süýrenijiler bilen has ýakyn gatnaşygy görkezýän aýratynlykdyr (şeýle barmak bilen ganatlar goldanypdyr). Bu görnüş ýerüsti we uçýan süýrenijileriň arasyndaky aralyk görnüş bolup biler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....