Russiýada 3D çap enjamynda öýleri gurmagyň tehnologiýasy işlenip düzüldi

  • 21.08.2023 08:21
  • 17k+

Ýakyn wagtda ýaşaýyş jaýlaryny hem 3D çap enjamynda çap etmek mümkin bolar. Bu adaty bolmadyk tehnologiýany rus alymlary işläp düzdüler diýip, MIR24 habar berýär.

Jaýlar gatlak-gatlak görnüşinde çap edilýär. Munuň üçin birnäçe adamdan ybarat gurluşykçylar topary gerek däl. Ýekeje 3D çap enjamy bir günüň dowamynda 100 inedördül metr meýdany bolan bir gatly jaýy gurup bilýär.
Rus alymlary şolbada gataýan beton garyndysyny döretdiler. Jaýyň aşaky gatlaklary ýokarky gatlaklaryň agramyna bozulmaýar. Şonuň üçin hem çap işini üznüksiz dowam etmek mümkindir.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....