Türkmenistanyň ilçisi Kataryň Emirine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 20.08.2023 01:43
  • 11k+

Ilçi M.Seýitmämmedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Ýolbaşçylygynyň adyndan iberilen mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli we dostlukly salamlaryny, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň iň gowy parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.8k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....