Dubaý Lissabony gibrid iş üçin iň gowy şäher ornundan gysyp çykardy

  • 19.08.2023 23:45
  • 15k+

Dubaý gibrid düzgüninde – bölekleýin uzak aralykdan, bölekleýin ofisden işleýän adamlar üçin iň gowy şäherleriň sanawynda birinji orna çykdy. Bu barada Savills gozgalmaýan emläk dellalynyň reýtingine salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny forbes.kz ýetirýär.

Dubaýda gibrid işçileri özüne çekýän maliýe tehnologiýa kompaniýalary we maliýe hyzmatlary çalt ösýär. Öň, olaryň köpüsi halkara kompaniýalarda işden çykarylma sezewar boldular.
Geçen ýyl reýtingiň lideri Portugaliýanyň paýtagty Lissabondy. Bu ýyl ol bäşinji orna düşdi. Munuň esasy sebäbi ýaşaýyş jaý kärendesiniň bahalarynyň düýpgöter ýokarlanmagydyr. Ilkinji gezek reýtinge Ispaniýanyň Malaga şäheri goşuldy we ol derrew ikinji orna çykdy. Bu şäherde Google kiberhowpsuzlyk topary üçin ofis açmak kararyna geldi. Üçünji orunda Maýami galdy: bu şäherde salgytlar, ýaşaýyş jaý kärendesiniň bahalary pes bolup, meşhur kenarýakalar bardyr. Şonuň bilen birlikde, Maýamä maşgalasy bilen göçüp gelýänler çagalar üçin ýokary hilli bilim mümkinçiligi ugrunda berk bäsdeşlik bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar diýip, Bloomberg belleýär.
Savills gibrid işçileriň uzak möhletleýin göçmegi üçin özüne çekijiligi boýunça 20 esasy bazara baha berdi. Bölekleýin uzak aralykdan işe geçilmegi köp sanly ýokary hünärli hünärmenleri, esasanam, ýyly howaly we howa menziline barmak aňsat bolan kenarýaka şäherlerinde täze ýaşaýyş ýerini gözlemäge iterdi. Göçmek meýilleşdirilende esasy faktor gozgalmaýan emläk kärendesiniň bahasy boldy.


25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....