BSGG 28 günde dünýäde COVID-19 bilen kesellemekligiň 63% ýokarlanandygyny habar berdi

  • 19.08.2023 13:55
  • 16k+

17-nji iýuldan 13-nji awgust aralygynda dünýäde 1,4 milliondan gowrak adam koronawirus ýokanjy bilen keselledi, 2,3 müňden gowrak adam ýogaldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habaryna görä, ýokuşanlaryň sany, öňki 28 gün bilen deňeşdirilende, 63% artdy, ýogalanlaryň sany bolsa 56% azaldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, dört hepdede dünýäde 1 422 538 adama kesel ýokaşanlygy we 2 366 adamyň bolsa ýogalandygy hasaba alyndy. 104 ýurtdan kowid bilen kesellänler barada habar berildi. BSGG-nyň 5-nji maýda adatdan daşary ýagdaýyň tamamlanandygyny yglan edendigine garamazdan, COVID-19-yň "esasy howp bolup galýandygyny" guramada aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, gurama ýurtlary "öňünden duýdurmaklyga, epidemiologik gözegçiligi dowam etmeklige we hasabaty ýöretmeklige, (koronawirusyň) wariantlaryny yzarlamaga, irki kliniki bejergini bermäge, ýokary töwekgelçilikli toparlara buster sanjymyny etmäge, howa çalşygyny gowulandyrmaga" çagyrdy. BSSG koronawirusyň omikron ştammynyň EG.5 görnüşiniň ýaýraýşynyň ýokarlanýandygyna ünsi çekdi. Ol 17-nji awgusta çenli ýagdaýa görä, 50 ýurtda tapyldy. Bir hepde öň ol  48 ýurtda bardy.
Günbatar Ýuwaş umman sebitinde 17-nji iýuldan 13-nji awgust aralygynda keseliň 97% ýokarlanandygy bellendi. Şol bir wagtyň özünde Ýewropany hem öz içine almak bilen, dört sebitde azaldy. Ölüm hemme ýerde azaldy, iň möhümi - Afrikada - 78%. Dört hepdäniň içinde iň köp hadysa Koreýa Respublikasynda ýüze çykaryldy – 1 209 194. Ondan soň Awstraliýa (30 402), Singapur (18 806), Italiýa (18 419) we Angliýa (16 938) gelýär. Koreýa Respublikasy 17-nji iýuldan 13-nji awgust aralygynda iň köp ýogalan adam sanyny hasaba aldy. Ondan soň Awstraliýa (201), Russiýa (182), Filippinler (162) we Italiýa (159) durýar.


10.05.2026 18:46
3.5k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.1k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....

03.04.2026 12:06
4.6k+

Dünýädäki şäherleriň diňe 14%-i BSGG-nyň howanyň hil standartlaryna laýyk gelýär

Dünýädäki şäherleriň diňe 14% -i howasynyň hapalygynyň derejesi boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelýär. Bu barada Şweýsariýanyň IQAir kompaniýasynyň ýyllyk hasabatynda......

11.02.2026 13:11
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-inde BSGG-niň wekili bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BSGG-niň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew we Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezow bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi...