“Luna-25” stansiýasy Aýyň Ýerden görünmeýän tarapynyň suratlaryny iberdi

  • 19.08.2023 13:53
  • 12k+

«Luna-25» awtomat stansiýasynyň Ýeriň tebigy hemrasyna uçuşy dowam edýär. «Roskosmos-yň» metbugat gullugy kosmos gämisiniň kameralary arkaly alnan täze suraty paýlaşdy.

Bu gezek stansiýa Aýyň üstünde alnan ilkinji suraty bilen köpçüligi begendirdi. Aýyň arka tarapynda ýerleşýän günorta polýar krateri Zeeman-y surata aldy. Krateriň merkeziniň koordinatlary günorta giňişlige 75 gradus we günbatar uzaklyga 135 gradus laýyk gelýär.

“Ýerden görünmeýän Zeeman krateri Aýyň üstündäki üýtgeşik bir zat we gözlegçiler üçin uly gyzyklanma döredýär – onuň daş-töweregindäki gaçynyň beýikligi birneme tekiz düýbüň üstünden 8 kilometre ýetýär. Alnan suratlar bu krater barada häzirki bar bolan maglumatlaryň üstüni ep-esli doldurýar” - diýip Roskosmosda gürrüň berdiler

Aýyň aňry ýüzüniň dünýäde ilkinji suraty 1959-njy ýylyň oktýabr aýynda Sowet Soýuzynyň "Luna-3" awtomatiki stansiýasy tarapyndan alynypdy.
21-nji awgustda Boguslawskiý krateriniň demirgazygynda Ýeriň tebigy hemrasynyň ýüzüne ýumşak gonmak meýilleşdirilýär.
"Luna-25" awtomat stansiýasy ýumşak gonmak tehnologiýasyny işläp düzmeli, topragy almaly we seljermeli, uzak möhletli ylmy gözlegleri geçirmeli, Aýyň Günorta polýusynda ýerüsti regolitiň ýokarky gatlagyny we Aý ekzosferasyny öwrenmeli.


şu gün 10:51
709

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....

04.06.2026 19:55
5.8k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......