Threads işjeň ulanyjylarynyň 80%-ini ýitirdi

  • 18.08.2023 16:34
  • 4.2k+

Threads platformasy üstünlikli başlangyçdan soň auditoriýasyny ýitirmegini dowam etdirýär. Similarweb sanly seljeriş platformasynyň maglumatlaryna görä, programma bilen gatnaşyk 79%, ýagny iýul aýynyň başyndaky 2,3 mln işjeň ulanyjydan 7-nji awgusta çenli ýagdaýa görä Android gurluşly 576 müň ulanyja çenli peseldi.

Analitikleriň maglumatlary boýunça, amerikaly ulanyjylaryň Threads-da sarp edýän ortaça wagty 85% - 21 minutdan 3 minuta çenli azaldy. Üstesine-de, sosial ulgamy diňe bir adaty ulanyjylar däl, eýsem Selena Gomesiň Rare Beauty kosmetika kompaniýasy, Wendy’s tiz iýmit tory we Anthropologie dükany ýaly uly kompaniýalar hem ýuwaş-ýuwaşdan terk edýär.
Meta kompaniýasy tekst habarlary üçin Threads hyzmatyny 6-njy iýulda işe girizdi. Sosial ulgam amerikaly telekeçi Ilon Maska degişli bolan X-i (öň, Twitter) gysyp çykarmalydy. Programmada işe girizileninden ilkinji birnäçe sagatda 5 mln ulanyjy hasaba alyndy. Bäş günüň içinde auditoriýa 100 mln adama ýetip, ChatGPT-niň rekordyny täzeledi.
Platformada ulanyjylar 500 belgä çenli uzynlykdaky habarlary ýerleşdirip, olara salgylanmalary, suratlary we dowamlylygy 5 minuta çenli bolan wideolary berkidip bilýärler. Threads-a Instagram akkauntyň bilen girmek bolar. Ýöne platformadaky profiliňi diňe Instagram akkauntyňy bozmak arkaly işjeňsizlendirip bolýar.


19.06.2026 19:38
554

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....