Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şahyryň ýörite heýkeljikleri taýýarlanylar

  • 18.08.2023 08:51
  • 32k+

2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli sowgatlyk hökmünde akyldar şahyryň ýörite heýkeljikleri taýýarlanylar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

17-nji awgustda Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.
Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda, ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobilleriň hyzmaty ýola goýulsa, maksadalaýyk bolar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.


düýn 10:55
5.7k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

08.06.2026 17:48
7.1k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

08.06.2026 12:12
3.7k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3.4k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......