FAW uzynlygy 3 metr bolan hetçbek ulagyny tanyşdyrdy

  • 17.08.2023 23:56
  • 24k+

Hytaýyň «FAW» awtokonserni «Bestune Xiaoma» kysymly awtoulagynyň önümçilik nusgasyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada gazeta.ru carnewschina.com saýtyna salgylanyp habar berýär.

Awtoulagyň aýratynlygy onuň uzynlygynyň bary-ýogy 3000 mm bolmagyndadyr. Ulagyň agramy – 685 kg. Ol salonynda dört ýolagçy ýerleşip bilýän üç gapyly hatçbekdir.
Awtoulag «Shuanglin» kompaniýasynyň elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilendir, bu kompaniýanyň hereketlendirijileri «Chery» kysymly ulaglarda hem peýdalanylýar. Motoryň kuwwatlylygy 27 at güýjüne deňdir. Iň ýokary tizligi sagatda 100 km.
«FAW Bestune Xiaoma-nyň» hytaý bazaryndaky satuwy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli başlanar. Awtoulagyň bahasy heniz mälim edilmedi.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....