Xiaomi CyberDog 2 robot iti bilen tanyşdyrdy

  • 15.08.2023 23:19
  • 10k+

Xiaomi CyberDog robotlarynyň ikinji nesli bilen tanyşdyrdy. Täze robot it has ýeňil we hereketli bolup çykdy. Şeýle hem, robot indi eýesini tanap we akylly jaýy dolandyryp bilýär.

CyberDog 2-niň agramy 8,9 kilograma, boýy 36,7 santimetre deň. Robot it 1,6 m/s tizlik bilen hereket edip bilýär. Enjam ultrases datçigi, lidar, ToF kamerasy, AI kamerasy we dört mikrofon ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Robotyň täzelenen görnüşine eýesiniň ýüzüni tanamagy öwretdiler. CyberDog 2-iň dizaýny hem üýtgedi, indi ite hasam meňzeýär.
Robot CyberGear-iň 12 hereketlendirijisiniň kömegi bilen hereket edýär. Bu CyberDog 2-ä ylgamaga, yza salto etmäge, oturmaga we penjesini berip, “salamlaşmaga” mümkinçilik berýär. Robotlaryň ýagdaýy barada ähli möhüm maglumatlary görkezýän duýgur ekran olaryň tumşugyna oturdylypdyr. CyberDog 2-ni ses buýruklary ýa-da yşaratlar arkaly dolandyryp bolýar. Şeýle hem robot akylly öý bilen täsirleşmek funksiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Nerw ulgamlarynyň kömegi bilen robot ulanyjylaryň keýpini kesgitläp we täze buýruklary öwrenip biler. Robot it daşky gurşawa nähili reaksiýa bermelidigini hem bilýär. Tanyşdyryş dabarasynda kompaniýa CyberDog 2-niň kodunyň açyk boljakdygyny we her kim programma üpjünçiligini täzeden ýazyp biljekdigini aýtdy.


şu gün 10:51
307

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......