«Bawariýa» Garri Keýniň geçendigini mälim etdi

  • 12.08.2023 23:38
  • 12k+

Mýunheniň «Bawariýasy» resmi çeşmelerinde iňlis hüjümçisi Garri Keýniň transfer edilendigini habar berdi.

30 ýaşly iňlis oýunçysynyň täze klub bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli dowam eder. Keýn “Bawariýada" dokuzynjy belgide oýnar.
Keýn “Bawariýa” geçmezden ozal tutuş karýerasynyň dowamynda iňlis çempionatynyň toparlary üçin oýnady. Hüjümçiniň öz hünär karýerasynyň köp bölegini geçiren kluby — Londonyň “Tottenhemi”. Hut şu klubdanam ol “Bawariýa” geçdi.
Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Keýniň transferi 100 million ýewrodan gowrak bolupdyr.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, 30 ýaşly Keýniň Mýunhen klubyna transferiniň mukdary 100 million ýewrodan gowrak bolupdyr. Ondan öň “Bawariýa” ýekeje oýunçy üçinem şular ýaly köp pul tölemändir.
Keýn geçen möwsümde ähli ýaryşlarda 49 gezek çykyş edip, 32 pökgi geçirdi we 5 gezek netijeli pas berdi.
Keýn “Bawariýa” üçin eýýäm şu gün Germaniýanyň Super kubogy ugrundaky oýnunda «RB Leýpsige» garşy oýnap biler.


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......