Gyrgyzystan 2027-nji ýyldan polietilen paketleriň önümçiligini we satuwyny bes eder

  • 12.08.2023 11:41
  • 11k+

Gyrgyzystan 2027-nji ýyldan başlap polimer plýonkadan we plastik önümlerinden ýasalan paketleriň önümçiliginden, satuwyndan we mugt berilmeginden ýüz öwrer. Şeýle kanuna ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow gol çekdi. Muny döwlet baştutanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Interfax.ru ýetirýär.

2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurduň ähli territoriýasynda polimer plýonkadan we plastik önümlerinden ýasalan paketleriň önümçiligi (eksport üçin öndürilýän paketlerden, tutawaçlary ýok we gündelik durmuşda ulanmak üçin satylýan biodargaýan polimer materiallaryndan ýasalan paketlerden başga), bu önümleriň söwdada we hyzmat pudagynda satuwy we berilmegi gadagan ediler.
Kanunyň resmi taýdan çap edilen gününden başlap 15 günden soň Issyk-Kul sebitiniň şypahana-dynç alyş zolagynda polimer plýonkadan ýasalan paketleriň we plastik önümleriniň ähli görnüşiniň doly dolanyşygy gadagan edilýär. Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň aýratyn goralýan tebigy we biosfera sebitlerinde söwdada we hyzmat pudagynda polimer plýonkadan we plastik önümlerinden ýasalan paketleriň getirilmegine, ulanylyşyna, satuwyna we mugt berilmegine gadaganlyk girizilýär.
Respublikanyň aýratyn goralýan tebigy we biosfera sebitlerinde 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, plastik önümlerini we polimer plýonkadan paketleri öndürmek gadagan edilýär.
Kanunda dolanyşykda gadagan edilen plastik önümleriniň sanawy kesgitlenen: bir gezeklik plastik gap-gaçlarynyň ähli görnüşleri; iýmit üçin bir gezeklik plastik gaplama, PET plastik çüýşe, ýumurtgalar üçin plastikden bir gezeklik gaplama; plastik kofe kapsulalary, önüm torbasy.
Kanun resmi taýdan çap edileninden 15 günden soň güýje girýär.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

28.03.2026 23:25
12k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady

Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi....