Hytaýda emeli et öndürýän ilkinji kärhana işe girizildi

  • 12.08.2023 11:30
  • 22k+

Şanhaýyň «CellX» kompaniýasy emeli et öndürýän kärhanany işe girizdi diýip, RIA Nowosti «South China Morning Post» neşirine salgylanyp habar berýär.

«Bu synag önümçiliginde gelinjek netijeler biziň 2025-nji ýyla çenli tamamlamagy göz öňünde tutýan we ýylda ýüzlerçe tonna önüm öndürmäge ukyply bolan täjirçilik maksatly önümçilik toplumymyzda peýdalanylar» diýip, kärhananyň baş direktory Ýan Szylýan belläp geçýär.

Kärhana iki müň litrlik bioreaktora eýedir. Wagtyň geçmegi bilen bu enjamlaryň sany has-da artar, önümiň bahasy bolsa bir kilogramyna ýüz dollara çenli arzanlar diýlip, çeşmede bellenilýär.
Hytaý kompaniýasy 2025-nji ýylda halkara bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. «CellX» şu ýylyň ahyrynda taýýarlan emeli etlerini sarp edişde peýdalanmak üçin ABŞ-a we Singapura ýüz tutar. Häzirki wagtda laboratoriýa şertlerinde ýetişdirilen önümleri satmaga diňe bu iki ýurtda rugsat berilýär.
2022-nji ýylyň ýanwarynda HHR-niň Oba hojalyk ministrligi bäşýyllyk Oba hojalyk meýilnamasyny kabul edipdi. Onda ilkinji gezek önüm öndürmegiň innowasion usullary, şol sanda eti ösdürip ýetişdirmek usuly barada ýatlanylyp geçildi.


16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......