8 sany türkmen talyby Bolgariýada geçen halkara matematika olimpiadasynda ýeňiji boldy

  • 12.08.2023 09:51
  • 24k+

Türkmenistandan  sany talyp Bolgariýa döwletinde geçirilen talyplaryň arasynda 30-njy halkara matematika olimpiadasynda ýeňiş gazandylar. Bu talyplar 4 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Olimpiada 31-nji iýul — 6-njy awgust aralygynda Bolgariýa döwletiniň Blagoýewrad şäherinde geçirildi. Oňa ABŞ, Beýik Britaniýa, Hytaý, Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Alžir, Braziliýa, Kanada, Eýran, Singapur ýaly ösen ýurtlaryň 50-den hem köpüsiniň 100-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden jemi 400-e golaý talyp gatnaşdy.
Iki tapgyrda geçirilen bu halkara bäsleşikde oňa gatnaşyjylara jemi 10 mesele hödürlendi. Olary çözmek üçin bolsa her tapgyrda jemi 4,5 sagat wagt berildi. Türkmen talyplary berlen ýumuşlary çözmegi başaryp, jemi 8, ýagny 4 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular. Has takygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Resul Şamuhammedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Myratgeldi Annamuhammedow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyplary Gurt Döwletow hem-de Akmuhammet Gurbangeldiýew kümüş medala, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Akmuhammet Akmyradow, Hydyrberdi Rejepow, Röwşen Öwezmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Muhammet Annaýew dagy bürünç medala eýe boldy.
Türkmen toparyna ýolbaşçylyk eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Agaserdar Ýollyýew hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Murat Çäşemow bu halkara bäsleşigiň emin agzasy boldular.


02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......