12-nji awgustda türkmen milli senenamasy boýunça Ýaldyrak döwri başlanýar

  • 12.08.2023 09:40
  • 19k+

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar. Ol sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär.

«Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras goýan ata-babalarymyz Üçýyldyz döwründäki jöwzaly günlerden ýadap, Ýaldyragyň çaltrak dogmagyny isläpdirler. Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görnerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar. Daş-töweregiňdäki ekin-dikinlere, ösümliklere syn etseň, bulduraşyp duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýene-de 2-3 günden göz aýlasaň, jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr. Ir oýanýan guşlar bolsa eýýäm şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler. Ine, şeýdip gün-günden tebigaty özüniň salkyn we çygly howasy bilen bezäp başlaýan Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär» - diýlip, «Türkmenistan» gazatinde berlen habarda aýdylýar.

Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär. Onuň entäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrsy görnüp dur, Üçýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär.


şu gün 17:48
648

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

şu gün 12:12
1.5k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

düýn 10:07
2.8k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....