Belarusyň ýokary okuw mekdeplerine şu ýyl 330 sany türkmen raýaty kabul edildi

  • 10.08.2023 13:11
  • 16k+

2023—2024-nji okuw ýylynda  türkmen raýatlarynyň  330-sy  23 sany belarus ýokary okuw mekdeplerinden okamak üçin çakylyk aldylar. Bu maglumatlary Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy resmi saýtynda çap eden sanawynda getirdi.

Şu ýyl Belarus döwlet uniwersitetiniň A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutyna 92, Belarus döwlet uniwersitetiniň özüne — 79  türkmen dalaşgäri girdi. Türkmenistandan 35 dalaşgär Ý.Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetine girdi. F.Skorina adyndaky Gomel döwlet uniwersitetine 31 dalaşgär girdi.
Belarus döwlet lukmançylyk kollejine, P.M.Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersitetine, Weterinar lukmançylygy Witebsk döwlet akademiýasyna, Grodno döwlet obahojalyk uniwersitetine, Belarus döwlet obahojalyk akamdemiýasyna we A.A.Kuleşow adyndaky Mogilewsk döwlet uniwersitetine Türkmenistandan bir talypdan girdiler.
Türkmenistanlylar Belarusuň 6 sany lukmançylyk, 4 sany tehniki, 3 sany obahojalyk we 7 sany köpugurly ýokary okuw mekdeplerine girdiler. Çakylyk alanlaryň sanawy we okuwa barmagyň ahyrky senesi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.
Soňky maglumatlara görä, Belarus Respublikasynda häzir alty müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......