Kia kompaniýasy Rio modeliniň ornuny tutjak täze K3 sedanyny tanyşdyrdy

  • 10.08.2023 12:37
  • 6.1k+

Günorta Koreýanyň Kia kompaniýasy Meksikada täze «K3» kysymly sedanyny tanyşdyrdy. Brendiň metbugat gullugynyň bellemegine görä, onuň satuwy eýýäm sentýabr aýynda başlanar. Ol bazarda «Hyundai Solaris» ulagyna bäsdeşlik eder.

Täze ulag yşyk diodly çyralar, 17 dýuýmlyk diskler, gaz çykarýan goşa turba bilen üpjün edildi. Awtoulagyň uzynlygy 4545 mm-e deňdir.
Onuň salonynda dolandyryş panelini we multimediýa ulgamyny özünde jemleýän giň formatly uly displeý ýerleşdirildi. Şeýle hem ol alty sany howpsuzlyk ýassygy, iki zolakly howany dolandyryş ulgamy, awtomatik usulda gyssagly duruzyş ulgamy, görünmeýän zolaklara gözegçilik etmek mümkinçiligi bilen üpjün edilendir. Täze «Kia K3» 1,6 we 2,0 litr göwrümli benzin motorlary bilen hödürlener.


01.06.2026 09:51
2.8k+

Kia-nyň dizaýnerleri täze ulaglary döretmek işinde Apple Vision Pro-ny ulanyp başlady

Kia awtomobil brendi özüniň dizaýn studiýalarynda Apple Vision Pro garniturasyny hemişelik iş guraly hökmünde ulanyp başlady. Bu bolsa ulaglary döretmek işini çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär....

22.05.2026 06:05
4.2k+

Hyundai täzelenen Grandeur sedanyny tanyşdyrdy

Hyundai kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda täzelenen flagman sedany bolan Grandeur-y tanyşdyrdy. Bu model 2022-nji ýylyň ahyrynda nesil çalşanyndan bäri ýerli bazarda iň köp satylýan bäş awtomobiliň......

09.05.2026 12:43
3.6k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
3k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......