Hindi kosmos agentligi «Çandraýan-3» apparaty tarapyndan alnan Aýyň ilkinji suratlaryny çap etdi

  • 08.08.2023 08:39
  • 22k+

Hindi kosmos gözlegler guramasy (ISRO) “Çandraýan-3” awtomatiki Aý stansiýasyndan alnan Aýyň ilkinji suratlaryny çap etdi. Olar X (öňki Twitter) sosial ulgamynda  ýerleşdirildi.

45 sekuntlyk wideoda hindi kosmos gämisiniň bir bölegi we Aýyň kraterlerden doly üstki gatlagy görkezilýär. Suratlar 5-nji awgustda, Çandraýan-3 Aýyň orbitasyna girende düşürildi diýip, ISPO-da tassyklaýarlar.
“Çandraýan-3” Aý missiýasy 14-nji iýulda başlandy. Onuň 23-24-nji awgustda Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gonmagyna garaşylýar. Bu missiýa üstünlikli dowam etse, Hindistan Aýda kosmos gämisini gonduran dördünji ýurt bolar (SSSR-den, ABŞ-dan we Hytaýdan soň).


düýn 09:27
7.4k+

Hindistan Delini tüsseden arassalamak üçin emeli ýagyş ýagdyrmaga taýýarlanýar

Hindi häkimiýeti emeli aňyň kömegi bilen Delidäki tüssä garşy göreşmek meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Şäher häkimiýetiniň başlygy Rekha Guptanyň habar bermegine görä, 23-nji oktýabrda tehnologiýanyň synaglary üstünlikli geçirildi, indi bolsa hünärmenler 28 – 30-njy oktýabrda bulut “ekişi” boýunça synagy geçirmäge taýýarlanýar...

16.09.2025 19:57
7.5k+

Hindi inženerleri uçarlar üçin “howa ýassyklaryny” oýlap tapdy

Hindi inženerleri uçarlar üçin täze howpsuzlyk ulgamyny döretdi – olar uçaryň fýuzelýažyny heläkçilik wagtynda açylyp, aşak gaçyşy ýumşatjak ägirt ýassyklar bilen örtmegi teklip edýär. Bu pikir şu ýylyň iýunynda Air India kompaniýasynyň uçary heläkçilige uçrandan soň peýda boldy...

31.07.2025 13:44
4.4k+

Hindistan adamdan öňürti kosmosa adam şekilli roboty iberer

Hindistanyň kosmos gözlegleri guramasy (ISRO) 2025-nji ýylyň dekabrynda orbita gumanoid robot bilen kosmos gämisini ibermegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýananyň sözlerine salgylanyp, Odisha Bytes habar berýär...

26.07.2025 11:59
3k+

NASA we Hindistan Ýere syn ediş hemralaryndan iň gymmatlarynyň birini uçurmaga taýynlanýar

30-njy iýulda ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary dolandyryş gullugy (NASA) we Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) tarapyndan işlenip düzülen NISAR Ýere gözegçilik hemrasyny (NASA-ISRO Synthetic Aperture Radar) uçurmak meýilleşdirilýär...