Gadymy adamlaryň täze görnüşi ýüze çykaryldy

  • 07.08.2023 16:06
  • 21k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň paleontologlary gadymy adamlaryň 300 müň ýyl mundan öň ýaşap geçen we heniz ylma mälim bolmadyk görnüşini ýüze çykardylar. Olaryň geçiren barlaglarynyň netijesi «Journal of Human Evolution» žurnalynda çap edildi diýip, lenta.ru habar berýär.

Tapyndylar Hytaýyň gündogaryndaky Hualongdong diýen ýerde ýüze çykaryldy. Barlaglar aşaklygyna tarap üçburç şekilde we özboluşly egrilige eýe bolan äň süňküniň aýratynlyklaryny äşgär etdi. Äň süňküniň formasy häzirki zaman adamlarynyňkyny hem, giçki pleýstosen eýýamynda ýaşan gominidleriňkini hem ýatladýar, emma eňegiň bolmazlygy has gadymy görnüşler bilen ýakynlygyň bardygyny aňladýar.
Alymlar ortaky pleýstosen eýýamynda ýaşan gominidleriňkä meňzeş aýratynlyklary hem ýüze çykardylar, bu bolsa onuň Homo erectus görnüşine ýakyndygyny aňladýar. Şeýle hem bu häzirki zaman adam bilen gadymy gominidiň gibridi bolup biler. Çünki häzirli zaman adamlarynyň aýratynlyklary 300 müň ýyl mundan öň ýüze çykyp başlapdyr.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......