Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi hünär-tehniki bilimi hödürleýär

  • 06.08.2023 19:08
  • 20k+

Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi hünär-tehniki bilimi boýunça 2023-2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýänligini yglan edýär:

  1. Kompýuter grafikasynyň dizaýneri-1 ýyl.
  2. Elektromontýor-1 ýyl.
  3. Tikimçi-biçimçi-1 ýyl.
  4. Dokma toplumynyň hil gözegçisi-1 ýyl.
  5. Dokma önümçiliginiň kömekçi ussasy-1 ýyl.
  6. Tikin maşynlaryny we enjamlaryny abatlaýyjy ussa-1 ýyl.
  7. Himiýa önümçiliginiň tehnology-1,5 ýyl.
  8. Konstruktor-modelýer, kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen-1,5 ýyl.
  9. Buhgalterçilik işi-1,5 ýyl.
  10. Menejment-1,5 ýyl.

 Hünär-tehniki okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da, 1,5 ýyl hem-de tölegli.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýulyndan okuw ýylynyň başyna çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: -bellenen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; -bellenen nusgadaky sowalnama (anketa); -umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; -bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy; -soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; -3х4 möçberindäki alty sany fotosurat;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip bellik etdirmeli we nusgalaryny tabşyrýar.

  •  -pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);
  •  -Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullygy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklanýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek 2023 nji ýylyň awgust aýynyň 30-31-y günlerinde Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.
Dersler boýunça söhbetdeşlik Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça söhbetdeşlik döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Okuw mekdebinde; işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli (2 aýdan 10 aýa çenli) okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar (KIP we A).
  2.  Elektrik enjamlary abatlaýjy we hyzmat ediji elektroslesar.
  3.  Elektromontýor (1000 V-dan ýokary).
  4.  Dokma senagaty enjamlaryny gurnaýjy-slesar.
  5.  Himiki derňewiň laboranty.
  6.  Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.
  7.  Himiýa önümçiliginiň hil gözegçisi.
  8.  Biçimçi-tikinçi.
  9.  Egirme önümçiliginiň hil gözegçisi.
  10.  Elektromontýor (1000 V çenli ).
  11.  Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor.
  12.  Egriji.
  13.  Dokmaçy.
  14.  Kompýuteriň operatory.
  15.  Buhgalter hasabatynyň esaslary.
  16.  Buhgalter-kassir.
  17.  Satyjy.

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;
  • pasportynyň göçürmesi;
  • bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;
  • 3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat;

Bellik: 1 ýyl we 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.
Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy hakyndaky degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş. 2052 (Hydyr Derýaýew) köçesi 4.
Tel: +993 (12) 36-49-20, +993 (12) 36-04-16, +993 (12) 36-18-74.


düýn 13:34
3.5k+

Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi

29-njy oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik institutyň içki portalynyň mümkinçiliklerinde peýdalanylyp geçirildi...

düýn 11:19
1k+

Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi

Türkmen Oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine arzalary kabul etmegini dowam edýär...

düýn 10:24
2.2k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

düýn 09:57
1.5k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi...